New-Ýork Times:Jamal haşakçi öldürilendir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i3930-new_Ýork_times_jamal_haşakçi_öldürilendir
Amerikada çapdan çykýan New-ýork Times gazetasy Arabystan döwletiniň tankytçysy bolan žurnalist we ýazyjy Jamal haşakçiniň jesediniň tapylanlygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 10, 2018 18:14 Asia/Ashgabat
  • New-Ýork Times:Jamal haşakçi öldürilendir

Amerikada çapdan çykýan New-ýork Times gazetasy Arabystan döwletiniň tankytçysy bolan žurnalist we ýazyjy Jamal haşakçiniň jesediniň tapylanlygyny habar berdi.

New-ýork Times gazetasy Türk resmilerine salgylanyp Jamal haşakçi Saud Arabystanyň Stambuldaky konsulynda Al-Saud režiminiň başlygynyň buýrugy esasynda öldürilendir diýip ýazdy.

şu habar esasynda Jamal haşakçiniň jesedi pyçgy bilen dogralandyr.şol bir wagtda Amerikanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Heather Nauert Jamal haşakçiniň başyna düşen bela barada heniz Waşington döwleti pozisiýasyny yglan etmeýär diýip nygtady.

Ýewropa parlamentiniň adam hukuk komitetiniň başlygy Pier Antonio Panzeri Jamal haşakçini adam hukukyndan arka çykan žurnalist hasaplamak bilen onuň terror edilmegi baradaky habaryň yglan bolmagy Arabystanda adam hukuk meselesi baradaky howatyrlanmalary artdyrandyr diýip beýan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Federika Mugerini hem düýn eden çykyşynda haşakçiň ölümi barada derňew işleriň geçirilmegini isläpdi.Türkiýäniň habar serişdeleri Jamal haşakçiniň ýitirim bolmagynda aýyplanýan Arabystanyň 15 howpsyzlyk güýçleriniň suratlaryny neşir etdiler.

Al-Jazira tele ýaýlymy hem mundan ozal haşakçiň öldürilmezden ozal Arabystanyň Stambul şäherindäki konsulynda gaty azar berilenligini habar beripdi.