Florens Parly:Arabystan Ýemene garşy uruşyny togtatsyn
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4026-florens_parly_arabystan_Ýemene_garşy_uruşyny_togtatsyn
Fransiýanyň goranmak ministri Saud Arabystanyň Ýemene garşy uruşyny netijesiz hasaplap bu uruşyň togtadylmagyny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 30, 2018 15:06 Asia/Ashgabat
  • Florens Parly:Arabystan Ýemene garşy uruşyny togtatsyn

Fransiýanyň goranmak ministri Saud Arabystanyň Ýemene garşy uruşyny netijesiz hasaplap bu uruşyň togtadylmagyny isledi.

Reuters habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Fransiýanyň goranmak ministri Florans Parly beren gürrüňlerinde Arabystanyň Ýemene garşy baş goşan uruşynyň bu ýurtda taýsyz gumanitar dartgynlylyga sebäp bolanlygyna yşarat edip indi uruşy ýatyrmaly wagty bolandyr diýdi.

Fransiýanyň goranmak ministri Florans Parly şeýle-de Parižyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Ýemeniň dartgynlylygyny çözmek ugurda syýasy çäräni tapmak üçin Ýemen uruşynyň iki tarapynada basyş berilýändiginede yşarat edip bu uruşyň harby çykalgasy ýokdyr diýip nygtady.

Florans Parly bu gürrüňleri bir ýagdaýda aýtýandyr welin Fransiýa döwleti Saudy režimine ýarag eksport etmekde möhüm ýurtlaryň birisidir.

Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron geçen ana güni eden çykyşynda Arabystana ýarag satylmagynyň gadagan edilmegi baradaky islegi ret edendir.