Makeron:Twitter diplomatiýanyň jaýy däldir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4110-makeron_twitter_diplomatiýanyň_jaýy_däldir
Fransiýanyň döwlet baş tutany Emanuel Makeron diplomatik meseleleri twitteriň ýerine göni gepleşikler arkaly yzarlanmalydyr diýdi.
(last modified 2025-12-07T05:53:55+00:00 )
Nov 11, 2018 20:28 Asia/Ashgabat
  • Makeron:Twitter diplomatiýanyň jaýy däldir

Fransiýanyň döwlet baş tutany Emanuel Makeron diplomatik meseleleri twitteriň ýerine göni gepleşikler arkaly yzarlanmalydyr diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron bu pozisiýasyny Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Pariž sapary we onuň Ýewropanyň garaşsyz goşunynyň döredilmegi baradaky Makeronyň ideýasyny tankyt etmek twitti bilen bir wagtda yglan edendir.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp özüniň twittinde Ýewropada garaşsyz Ýewropa goşunynyň gurulmagy baradaky Makeronyň teklibini mashara we kemsidiji hasaplady.

CNN tele ýaýlymy bilen söhbetdeş bolan Makeron Amerikanyň ýarag enjamlaryny satyn almak üçin Ýewropa ýurtlarynyň harby býujetiniň artdyrylmagyna garşydygyny nygtamak bilen bu býujet Ýewropanyň garaşsyz ýörelgesini pugtalandyrmak üçin artdyrylmalydyr diýip beýan etdi.

Fransiýanyň prezidenti Makeron düýn Tramp bilen geçiren duşuşygynda ýene bir gezek Ýewropanyň howpsyzlygynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtady.