nägile ilatyň garşysynda Makeron yza çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4334-nägile_ilatyň_garşysynda_makeron_yza_çekildi
Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron tele ýaýlymda eden çykyşynda ahyrynda bu ýurdyň nägile ilatynyň isleglerini kabul edip ykdysady we sosial zerurlyklara ýetişiklik etmek üçin berk çäreleriň amala aşyryljakdygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 11, 2018 22:53 Asia/Ashgabat
  • nägile ilatyň garşysynda Makeron yza çekildi

Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron tele ýaýlymda eden çykyşynda ahyrynda bu ýurdyň nägile ilatynyň isleglerini kabul edip ykdysady we sosial zerurlyklara ýetişiklik etmek üçin berk çäreleriň amala aşyryljakdygyny habar berdi.

Emanuel Makeron bütin mümkinçiliklerden peýdalanyp Fransiýada aramlygy berkarar etmek ugurda tagalla etjekdigini wada berdi.

Makeron sözüniň dowamynda Pariž döwletiniň salgytlary azaltmak we döwletiň harajatlaryny kontrol etmek bilen ykdysady we sosial ugurlardaky zerurlyklara ýetişiklik etjekdigini yglan etdi.

Fransiýanyň prezidenti şeýle-de girdejisi az bolan işçileriň salgytlaryny azaltmaklygy çaltlaşdyryp dynja çykanlaryň salgytlaryny köpetmek baradaky taslamany hem goý galsyn etjekdigini wada berdi.