Arap Bileleşigi howpsyzlyk geňeşinden Ysraýyl režiminiň jenaýatlaryna soň berilmegini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4362-arap_bileleşigi_howpsyzlyk_geňeşinden_ysraýyl_režiminiň_jenaýatlaryna_soň_berilmegini_isledi
Arap Bileleşigi Müsüriň paýtagty Kairda ilçiler derejesinde geçiren maslahatynda Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden herne basymrak Palestinalylara garşy hüjümlerini togtatmak üçin Sionist režimine basyş bermegini isledi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 19, 2018 18:50 Asia/Ashgabat
  • Arap Bileleşigi howpsyzlyk geňeşinden Ysraýyl režiminiň jenaýatlaryna soň berilmegini isledi

Arap Bileleşigi Müsüriň paýtagty Kairda ilçiler derejesinde geçiren maslahatynda Birleşen Milletler Guramanyň howpsyzlyk geňeşinden herne basymrak Palestinalylara garşy hüjümlerini togtatmak üçin Sionist režimine basyş bermegini isledi.

Arap Bileleşigi bir beýannama boýunça Ysraýyl režiminiň Palestina milletine garşy amala aşyrýan jenaýatlaryny ýazgarmak bilen bir wagtda bu jenaýatlary uruş jenaýaty hasaplady.

Sionist režimniň Palestinalylara garşy amala aşyrýan jenaýatlary durmuşky ýagdaýda Iordaniýa akarynyň günbatar kenarlaryny gabamak,Palestinaly şäherlere we obalara hüjüm etmek,ýollary baglamak ýa-da ýol gözegçilik gulluklary köpeltmek,suda çekmezden Palestinalylary öldürmek,harby bolmadyklara hüjüm etmek we olaryň öýlerini we baýlyklaryny dargatmak we Sionist oturymly şäherçelerde oturýanlar arkaly Palestinalylara ezýet ýetirmek görnüşlerinde dowam edip durandyr diýip Arap Bileleşiginiň çykaran beýannamasynda getirilendir.