Le Drian:Amerika halkara derejesinde çetleşendir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i4760-le_drian_amerika_halkara_derejesinde_çetleşendir
Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Le Drian Mýunheniň howpsuzlyk konferensiýasyndaky Ak-Tamyň şowsuzlyklaryna yşarat edip Waşington döwleti halkara derejesinde öz ýaranlarynyň arasynda çetleşendir diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Feb 21, 2019 22:31 Asia/Ashgabat
  • Le Drian:Amerika halkara derejesinde çetleşendir

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Le Drian Mýunheniň howpsuzlyk konferensiýasyndaky Ak-Tamyň şowsuzlyklaryna yşarat edip Waşington döwleti halkara derejesinde öz ýaranlarynyň arasynda çetleşendir diýdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Le Drian öz Twitter sahypasynda Amerikanyň syýasy taýdan çetleşenligine yşarat edip durmuşky ýagdaýda Ýewropa her zamandan beter öz howpsuzlygyny kepillendirmelidir diýip nygtady.

Mýunheniň howpsuzlyk konferensiýasy 15-nji Fewralda başlandy we 17-nji Fewralda tamamlandy. bu maslahatyň gidişinde Ýewropa bilen Amerikanyň arasyndaky agzalalyklar köpeldi we bu maslahata gatnaşan ýurtlaryň aglabasy Amerikanyň daşary syýasatlaryna we bu ýurduň prezidenti Donald Trampyň syýasatlaryna garşy çykandyrlar.

Amerika Mýunhen konferensiýasynda Ýewropalylary ýadro ylalaşygyndan çykarmak ugurda köp tagalla eden bolsada emma ekspertleriň aýtmaklaryna görä bu tagallalar ýene bir gezek şowsuz bolandyr.