Orsýetiň Ýediler toparyna goşulmagyna Fransiýa garşy çykdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5840-orsýetiň_Ýediler_toparyna_goşulmagyna_fransiýa_garşy_çykdy
Fransiýanyň prezidenti , Orsýetiň Ýediler toparyna dolanmagyna garşy çykdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 27, 2019 13:47 Asia/Ashgabat
  • Orsýetiň Ýediler toparyna goşulmagyna Fransiýa garşy çykdy

Fransiýanyň prezidenti , Orsýetiň Ýediler toparyna dolanmagyna garşy çykdy.

Emanuel Makron , Fransiýanyň Biarritz şäherinde G7-iň başlyklarynyň gepleşiklerinden soňra düýn beren gürrüňlerinde bu maslahatda geçirlen gepleşikler Orsýetiň Ýediler topara dolanmagy üçin bu ýurdyň çagyrylmagy ugrunda ylalaşyk bolmagyna rugsat bermedi diýdi.

Fransiýanyň prezidenti G7-iň kanunlarynyň birisi täzeagzanyň çagyrylmagy üçin bütin agza ýurtlaryňpikirdeş bolmaklarydyr we hakykatda Ýediler toparyň ýaňadan Sekizler topara öwrülmegi üçin bütin agza ýurtlar pikirdeş bolmalydyrlar diýip sözlerine goşdy.

Britaniýanyň ýagdaýy bilen Ukrainanyň dawasy ýaly meseleleriň çözülýän wagtyna çenliOrsýetiň sekizler topara öwrülmeginiň resmileşdirilmegi amatly iş däldir diýip Makron sözüne goşdy.