Orsýet Hytaýyň goşulmagynda uly bir harby türgenleşigi ýola berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i5987-orsýet_hytaýyň_goşulmagynda_uly_bir_harby_türgenleşigi_ýola_berdi
Orsýet 125 müň harbyň şol sanda Hytaýyň harbylarynyň gatnaşmalarynda Gazagystanyň serhediniň golaýynda ýerleşen Orenbourg sebitinde terrorizme garşy göreşmek maksady bilen Tsentr-2019 atly uly bir türgenleşigi ýola berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 17, 2019 12:51 Asia/Ashgabat
  • Orsýet Hytaýyň goşulmagynda uly bir harby türgenleşigi ýola berdi

Orsýet 125 müň harbyň şol sanda Hytaýyň harbylarynyň gatnaşmalarynda Gazagystanyň serhediniň golaýynda ýerleşen Orenbourg sebitinde terrorizme garşy göreşmek maksady bilen Tsentr-2019 atly uly bir türgenleşigi ýola berdi.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu harby türgenleşige şeýle-de 20 müň harby maşyn,600 sany harby uçar,dik uçar,uçarmansyz uçar we 15 sany gämi gatnaşandyrlar.

bu türgenleşige Orsýetden aýry Hindistan,Pakistan we ýene bir näçe merkezi Aziýa ýurtlaryň harbylary gatnaşandyrlar diýip Orsýetiň goranmak ministrligi bir beýannama boýunça yglan etdi.

bu türgenleşigiň senariýsi hamala terrorçylykly keşbi bolup Orsýete hüjüm edýän ýurt bilen garşylaşmak esasyndadyr diýip bu beýannamada getirilipdir.

Orsýet her ýylyň Sentýabr aýynda bir uly harby türgenleşigi geçirýändir.