Türkiýe goşuny Siriýanyň topragyndaky hüjümlerini başlady
Türkiýäniň prezidenti bu ýurduň goşun güýçleriniň Siriýanyň demirgazyk gündogarynda hüjümlerini başlandyklaryny habar berdi.
Anadoly habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan şu gün ikindin beren gürrüňlerinde Türkiýe Kürdistanynyň işçiler partiýasy PKK kurt militanlara hem-de Siriýanyň halk goraýjylar birlikleri YPG garşy ýola berilip durulan täze operasiýalar ýaraşyk çeşmeler ady bilen Siriýanyň demirgazyk günbatarynda başlanandyr diýip yglan etdi.
Türkiýäniň prezidenti bu operasiýadan maksadyň bu ýurduň günorta serhetlerdäki terrorçylaryň geçelgelerini ýok etmek we Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde ýaraşygy berkarar etmek diýip beýan etdi.
Ardugan şeýle-de Siriýanyň toprak bitewiligini nygtamak bilen bu operasiýa bilen Siriýanyň demirgazygynda howpsuz sebiti döretmekden aýry Siriýaly bosgunlaryň öz watanlaryna dolanmaklaryna gerek şerti döretjekdiris diýip nygtady.
gowşan habarlara görä,Türkiýe özüniň ilkinji operasiýasyny Siriýanyň Al-Hasaka sebitiniň Ras Al-Ain şäherindäki kürt militanlaryň pozisiýalaryna garşy ýola berendir.