Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyna eden hüjüminiň yzgelimleri barada duýduryş berildi
halkara guramalar Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyna eden hüjümine howatyrlanma bildirip bu hüjüm Siriýada ýüz müňlerçe adamyň awara bolmaklaryna sebäp bolup biler diýip yglan etdiler.
Siriýanyň adam hukuk gözegçisi geçen çarşenbe güni Türkiýäniň hüjüminiň başlanmagyndan şu mahala çenli 60 müň adam Siriýanyň demirgazygyndan bu ýurduň gündogarynda ýerleşen Hasaka şäheriniň golaýyna gaçyp atandyrlar.
şol bir wagtda Siriýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Feýsal Al-Mekdad Türkiýäniň bu işini ýazgaryp Ankara Siriýanyň dartgynlylygynyň başlanan gününden terrorçylardan arka çykandyr diýip beýan etdi.
ýene bir habar boýunça Türkiýäniň goranmak ministrligi bu ýurduň Siriýanyň demirgazygyndaky uruş işleriniň 3-nji gününde Ankaranyň terrorçy tanaýan Siriýanyň demokratik güýçlerinden we halk goraýjy güýçlerinden 342 adamyň heläk bolandyklaryny habar berdi.
şol bir wagtda düýn Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşi Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda barlyşyk çeşmesi ady bilen ýola berilen uruş işlerini barlamak maksady bilen maslahat geçirdi emma Amerika we Orsýetiň garşy çykmaklary bilen howpsuzlyk geňeşi Türkiýäniň tersine beýannama çykaryp bilmedi.