Ýewropa Bileleşigi Amerikanyň baglan täze gümrük salgytlaryna gaýtawul berjekdir
Ýewropa Bileleşigi Amerikanyň bu Bileleşigiň harytlaryna baglan täze gümrük salgytlaryna gaýtawul berip gysga möhletde Waşingtonyň bu işine jogap gaýtarjakdygyny habar berdi.
düýn Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2019-nji ýylyň 18-nji Oktýabryndan Ýewropa Bileleşiginden gelýän harytlara ýene 7 milliard 500 million dollar gümrük salgytynyň baglanjakdygyny yglan etdi.
Trampyň bu tutumy esasynda Ýewropa Bileleşiginden Amerika getirilýän önümler şol sanda zeýtunyň ýagy we peýnir ýüze 25 we uçarlar ýüze 10 gümrük salgytyny tölemeli boljakdyrlar.
Ýewropanyň söwda ministri Sesilia Malmström Amerikanyň bu işinden gynanç bildirmek bilen Ýewropa Bileleşiginiň gaýtawul görkezmekden başga çäresi ýokdyr diýip yglan etdi.
Trampyň Ýewropa garşy bu kemsidiji we hüjümçilikli işi bir ýagdaýdadyr welim Amerika Hytaý bilen hem söwda uruşa girişendir.