Aragçi bilen bogdanowyň duşuşygy
Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary bilen Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary we bu ýurduň prezidentiniň günbatar Aziýa işleri boýunça ýörite wekili Moskwada geçirilýän ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň gadagan edilmegi baradaky halkara konferensiýanyň ýanynda duşuşyp gürrüň etdiler.
Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçi bilen Orsýetiň daşary işler ministrniň orunbasary we bu ýurduň prezidentiniň günbatar Aziýa işleri boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow bu duşuşykda Pars Aýlagyň we günbatar Aziýanyň şol sanda Yragyň,Liwanyň,Siriýanyň,Ýemeniň özgerişleri hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Hormoz Barlyşygy we Pars Aýlagyň howpsuzlygyny toparlaýyn üpjün etmek baradaky Orsýetiň taslamasy barada pikir alyşyp berişdiler.
Aragçi bilen Bogdanow şeýle-de sebitiň özgerişleri barada Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky geňeşmeleriň dowam etmeginiň zerurlygyny nygtadylar.