Eýran bilen Orsýet ýurtlaryň himiki ýaraglar konwensiýasyna jogapkär çemeleşmeklerini nygtadylar
Eýranyň daşary işler ministrniň adam hukuk işleri boýunça orunbasary Golam Huseýin Dehgany bilen Orsýetiň senagat ministri Oleg Ryazantsew hemme ýurtlaryň himiki ýaraglar konwensiýasyna jogapkär bolmaklaryny nygtadylar.
Niderlandlaryň Laha şäherindäki himiki ýaraglar konwensiýasynyň agzalarynyň ýyllyk maslahatynyň ýanynda Dehgani bilen Ryazantsewiň arasynda ýerine ýeten duşuşykda taraplar Tehran bilen Moskwanyň himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň çarçuwasynda saklaýan arkalaşyklaryny barladylar.
Eýranyň daşary işler ministrniň adam hukuk işleri boýunça orunbasary Golam Huseýin Dehgany bilen Orsýetiň senagat ministri Oleg Ryazantsew şeýle-de himiki ýaraglary gadagan edýän konwensiýasynyň tutumlary barada hem-de şol tutumlara bütin taraplaryň jogapkär bolmaklary hakynda gürrüň etdiler.
Niderlandlaryň Laha şäherindäki himiki ýaraglar konwensiýasynyň agzalarynyň 24-nji ýyllyk maslahaty düýn işini başlady we ana gününe çenli dowam eder.