Amerika kongresi Hytaýyň tersine bir kanuny makullady
Amerikanyň wekiller mejlisi Hytaýyň Sin-Kiýang welaýatynda Uýgur halkynyň adam hukukynyň aýak aşaga salynmagy bilen baglanşykda Hytaýly jogapkärleriň tersine gadaganlyk girizmekde bir kanuny makullady.
Bloomberg habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň wekiller mejlisi şu gün ertir bilen 407 wekiliň garşy alyp diňe bir wekiliň garşy ses bermeginde bu kanuny makullady.mundan ozal hem Amerikanyň sena mejlisi bu barada bir kanuny makullapdy.
geçen penşenbe güni hem Amerikanyň prezidenti Tramp Hong-Kongly protestçilere hemaýat bermekde kongräniň makullan iki taslamasyny tassyklap olary kanun höküminde ykrar etdi.Hytaý döwleti Amerikanyň bu hereketine gaýtawul görkezip oňa jogap berjekdigini yglan etdi.
Hytaý döwleti mundan ozal hem Amerikaly diplomatlaryň Sin-Kiýang welaýatyna barmaklaryny gadagan etmegini mümkin bilipdi.
Hytaýyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen özbaşdak Sin-Kiang welaýaty millionlarça musulman Uýgur halkynyň ýaşaýan mekanydyr.