Täjigistanyň oba hojalyk ministri Eýran bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6488-täjigistanyň_oba_hojalyk_ministri_eýran_bilen_gatnaşyklaryň_ösdürilmegini_nygtady
Täjigistanyň oba hojalyk ministri Eýranyň ilçisiniň duşuşygynda iki milletiň dil,din,medeniýet we taryhy meňzeşliklerine yşarat etmek bilen iki taraplaýyn ara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 06, 2019 13:31 Asia/Ashgabat
  • Täjigistanyň oba hojalyk ministri Eýran bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady

Täjigistanyň oba hojalyk ministri Eýranyň ilçisiniň duşuşygynda iki milletiň dil,din,medeniýet we taryhy meňzeşliklerine yşarat etmek bilen iki taraplaýyn ara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Täjigistanyň oba hojalyk ministri Izzatolla Sattari Eýran Täjigistandaky ilçisi Muhammet Tagy Saberi bilen geçiren duşuşygynda bu ýurduň oba hojalyk bölüminde özüniň dost dogan ýurdy bolýan Eýranyň tejribelerinden peýdalanmak üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň Täjigistandaky ilçisi Muhammet Tagy Saberi hem bu duşuşykda soňky aýlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda dörän gowy özgerişlere yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy oba hojalyk bölüminde şol sanda döwrebap oba hojalyk enjamlary öndürmekde,tohumlary gowlaşdyrmakda,suw we topragy goramakda hem-de balykçylyk we towuk çüýçe saklamakda gowy tejribeleri elgerendir diýip beýan etdi.

Saberi şeýle-de Täjigistan Respublikasynda suwuň bollygyna we mynasyp ekiş ýerleriň köpligine yşarat edip Eýranyň oba hojalyk bölüminde Täjigistan bilen arkalaşmaga taýýardygyny aýtdy.