Jan 09, 2020 21:54 Asia/Ashgabat
  • ýadro ylalaşykdan çykmak barada Amerikanyň bildiren islegine London garşy çykdy

Britaniýa döwleti ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmak barada Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň bildiren islegini ret edip bu ylalaşygy London üçin gaty möhüm bildi.

Britaniýanyň daşary işler ministrligi şu gün Amerikanyň prezidenti Trampyň bu barada bildiren islegine gaýtawul görkezip biz Eýranyň bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerini azaltmakda äden soňky ädiminden howatyrlanýarys şondan gelende özimiziň ortak howpsuzlygymyzy goramakda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny gaty möhüm bilýäris diýip yglan etdi.

Amerikanyň prezidenti Tramp düýn Eýranyň Yrakdaky Amerikaly bazalara garşy ýola beren raketa hüjümleriniň yzy bilen beren gürrüňlerinde hergiz Eýrana ýadro ýaraga el-germegine rugsat bermejekdigini aýdyp ýene bir gezek ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna gol çeken beýleki taraplary bu ylalaşykdan çykmaklyga çagyrdy.

ýadro ylalaşyga gol goýan günbatarly taraplaryň ähdi ýalanlygynyň yzy bilen Eýran geçen çarşenbe güni özüniň ýadro ylalaşygy boýunça jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda 5-nji ädimini ädendir.

Tags