bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Korona wirusy barada duýduryş berdi
korona wirusyna uçranlaryň sanynygoraýyşň artmagy bilen bütin dünýä saglygy saklaýyş guramasy bu kesel barada dünýä ýurtlaryna duýduryş berdi.
Reuters habarlar gullugynyň beren habaryna görä korona wirusyndan ölen adamlaryň sanynyň 304 adamdan geçmegi bilen şu gün bütin dünýä saglygy saklaýyş guramasy dünýä ýurtlaryna duýduryş berip öz serhetleriniň içinde bu wirusa garşy göreşmek üçin taýýar bolmaklaryny isledi.
Hytaýyň saglygy saklaýyş komissiýasy şu gün bu ýurtda krona wirusyndan ölen adamlaryň sanynyň 304 adama ýetenligini yglan etdi.
Hytaýda krona wirus arkaly ölen adamlaryň hemmesi bu wirusynyň dörän ýeri bolan Hobei welaýatyndan bolandyr.bu hasabat boýunça krona wirusyna uçran adamlaryň sany 14 müň adamdan geçendir we olaryň köpüsi Hytaý ýurdundadyr.
korona wirusynyň dünýä derejesinde tizden ýaýramagy bilen bütin dünýä saglygy saklaýyş guramasy 30-nji Ýanwarda halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.