Türkiýäniň Stambul howa menzilinde ýolagçy gatnatýan uçary hadysa uçrady
Feb 06, 2020 16:45 Asia/Ashgabat
Türkiýäniň Stambul şäheriniň Sabiha Gökçen howa menzilinde ýolagçy gatnatýan uçaryň hadysa uçramagy netijesinde 3 adam gurban boldy.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu uçar hadysasynda 3 adamyň ölmeginden aýry uçaryň içindäki adamlaryň 180-si hem ýaralandylar diýip Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Fahreddin goja aýtdy.
öten agşam Izmirden Stambula uçyp baran Pegasus Air uçarçylyk şereketiniň uçary Stambulyň Sabiha Gökçen howa menziline baryp gonmagyndan soň hadysa uçrady.aýdylşyndan bu hadysada uçar üç bölünipdir.hadysa uçran uçaryň 177 ýolagçysy we 6 hyzmatçysy bardy.
geçen hepdede hem şuňa meňzeş hadysa bu howa menziliniň işleriniň wagtlaýyn ýatyrylmagyna sebäp bolupdy.
Tags