Hytaý Özbegistana ynsanperwer kömekleri iberdi
Özbegistanyň Goranmak ministrligi Hytaýyň Harby-senagat toplumy bilen baglanyşykly kompaniýalaryň Özbegistana 20 tonna gumanitar kömegi iberendigini habar berdi.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň yglan edmegi boýunça, bu ynsanperwer kömegi bir gezek ulanylýan steril ellikler, gorag eşikleri, süzgüç maskalary we koronalaryň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin niýetlenen beýleki gorag enjamlary ýaly lukmançylyk enjamlaryny öz içine alýar.
Özbegistanyň Goranmak ministrligi Hytaýdan geljek kömegiň esasy böleginiň ýurtda korona garşy göreşýän harbylaryň we lukmançylyk işgärleriniň arasynda paýlanjakdygyny habar berdi.
iň soňky maglumatlara görä Özbegistanda 145 adam koronawirusyna uçrandyr.