Putin nebitiň bahasy barada OPEK we Waşington bilen gürrüň etmäge taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7328-putin_nebitiň_bahasy_barada_opek_we_waşington_bilen_gürrüň_etmäge_taýýardyr
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin nebitiň bahasy barada Moskwanyň OPEK we Amerika bilen oturşyp gürrüň etmäge taýýardygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 02, 2020 16:57 Asia/Ashgabat
  • Putin nebitiň bahasy barada OPEK we Waşington bilen gürrüň etmäge taýýardyr

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin nebitiň bahasy barada Moskwanyň OPEK we Amerika bilen oturşyp gürrüň etmäge taýýardygyny yglan etdi.

Russiýa al-Ýom habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu ýurduň ministr kabinetiniň maslahatynda beren gürrüňlerinde nebitiň bahasy barada nebit bazaryna peýdaly bolan çäräniň tapylmagyny nygtap:nebitiň pese gaçmagy Orsýetiň ykdysadyýeti üçin çynlakaý mesele bolup durýandyr diýdi.

nebitiň bahasyny OPEK-däki hyzmatdaşlarymyz bilen barlaýandyrys soňky wagtda hem bu mesele barada Amerika bilen hem gürrüň etdik diýip Putin aýtdy.

Putin sözüniň dowamynda Amerikalylar üçin nebitiň bahasynyň aşaklamagynyň hem aladalanýandygyny aýtmak bilen sebäbi Amerikada öndürilýän nebitiň bahasy çelek başyna 40 dollardan pese gaçsa Amerikanyň nebit kompaniýalary üçin zyýanly zatdyr şonuň üçin Amerikanyň ykdysadyýeti hem ýowuz synaga gabat gelendir diýip Putin aýtdy.