Wideo konferensiýa görnüşinde Ýewraziýa sammiti geçirildi
Eurewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň adatdan daşary wideo duşuşygy Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň prezidenleriniň we Ermenistanyň premýer-ministrniň gatnaşmagynda geçirildi.
Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň döwlet baştutanlary hemde Ermenistanyň premýer-ministri köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy we koronawirus sebäpli dörän umumy karantin şertlerinde ykdysady howpsuzlygy goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bilelikdäki beýanynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýokary Geňeşiniň agzalary hökmünde agza döwletleriň arasyndaky möhüm syýasy, ykdysady we taryhy baglanyşyklary belläp, bu bileleşigiň ýörelgeleriniň maksatlaryna ygrarlydyklaryny aýtdylar.
Beýanatda sebitdäki ýurtlaryň Korona epidemiýasynyň netijelerine garşy göreşmek, ykdysady we sosial howpsuzlygy üpjün etmek we söwdany dowam etdirmek maksady bilen bar bolan gatnaşyklary saklamak üçin bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklary nygtaldy.
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ermenistan ýurtlaryndan ybaratdyr.