Amerikanyň harby gämileri Hytaýyň we Malaýziýanyň arasyndaky dawaly suwlarynyň ýanyna geldiler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7472-amerikanyň_harby_gämileri_hytaýyň_we_malaýziýanyň_arasyndaky_dawaly_suwlarynyň_ýanyna_geldiler
Gündogar Aziýanyň howpsuzlyk çeşmeleri Hytaýyň we Malaýziýanyň dawaly suwlaryna ýakyn ýerlerde iki sany Amerikan gämisiniň gelendigini habar berdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 21, 2020 18:34 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň harby gämileri Hytaýyň we Malaýziýanyň arasyndaky dawaly suwlarynyň ýanyna geldiler

Gündogar Aziýanyň howpsuzlyk çeşmeleri Hytaýyň we Malaýziýanyň dawaly suwlaryna ýakyn ýerlerde iki sany Amerikan gämisiniň gelendigini habar berdiler.

ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleri sişenbe güni Amerikanyň gämileriniň Günorta Hytaý deňzinde ýerleşendigini tassyklady we onuň yzýany bilen Gündogar Aziýanyň ýerli çeşmeleri bu iki gäminiň Hytaý bilen Malaýziýanyň arasyndaky dawaly suwlara ýakyn ýerlere girendigini habar berdiler.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi bu hereketiň gaýtawulynda Amerikanyň hakykata üns bermezden Pekine garşy esassyz aýyplamalary öňe sürýändigini we sebitde harby huzuryny dogry görkezmek üçin Günorta Hytaý deňziniň işlerine goşulmagy isleýändigini aýtdy.

Hytaý tutuş Günorta Hytaý deňzine eýeçilik edýändigini şol bir wagtda  Wýetnam, Filippinler, Malaýziýa we Bruneý hem her birisi bu deňiziň bir bölegine eýeçilik edýändiklerini toslaýandyrlar.