Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda uzakdan lukmançylyk maslahat beriş ulgamy döredildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7517-Özbegistan_bilen_hytaýyň_arasynda_uzakdan_lukmançylyk_maslahat_beriş_ulgamy_döredildi
Özbegistanda we Hytaýda lukmanlar koronawirusy ýokaşan näsaglary bejermek üçin uzakdan maslahat beriş ulgamyny döretdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 28, 2020 10:53 Asia/Ashgabat
  • Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda uzakdan lukmançylyk maslahat beriş ulgamy döredildi

Özbegistanda we Hytaýda lukmanlar koronawirusy ýokaşan näsaglary bejermek üçin uzakdan maslahat beriş ulgamyny döretdiler.

şu gün IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Hytaýyň Özbegistandaky ilçihanasy Hytaýdaky iki hassahananyň we Özbegistandaky 10 hassahananyň uzakdan maslahat beriş ulgamyna goşulandygyny habar berdi.

Bu ulgamyň agzalary bolan lukmanlar, Koronanyň ýaýramagyna garşy hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin iki ýurtda has köp lukmanlar bilen yzygiderli aragatnaşyk gurmagy meýilleşdirýärler.

Hytaý ozal hem koronawirusly adamlary bejermek üçin lukmançylyk topary bilen birlikde Özbegistana derman we lukmançylyk enjamlaryny iberipdi.