Özbegistanyň iň uly suw bendi weýran boldy
(last modified Mon, 04 May 2020 08:52:17 GMT )
May 04, 2020 13:52 Asia/Ashgabat
  • Özbegistanyň iň uly suw bendi weýran boldy

Özbegistanyň iň uly bendi bolan Sardoba bendiniň döwülmegi bilen Özbegistanyň 100,000 töweregi ýaşaýjysy awara bolup başga ýerlere göçürildi.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Özbegistanyň günbatarynda ýerleşýän we bu ýurduň iň uly suw bendi bolan Sardoba bendi Juma güni irden bendiň aňyrsynda aşa köp suw basyşy sebäpli ol döwüldi we töwerekdäki obalarda we şäherçelerde müňlerçe öýi suw basdy, 50 adam ýaralandy we keselhanada ýerleşdirildi.

Özbek-Gazak serhediniň golaýyndaky Sardoba bendiniň döwülmegi Gazagystanyň serhetýaka obalarynyň birnäçesine hem zyýanlary ýetirendir.

Gazagystanyň prezidenti Kassem Jumart Takaýew Özbegistanyň resmilerine garşy geleňsizlik we bendiň döwülmegi barada duýduryş bermezlikleri üçin sud-da arza gozgajakdygyny habar berdi.

Gazagystanyň prezidentiniň sözlerine görä, Özbek serhedindäki 10 oba suw astyndadyr we 22,000-den gowrak adam öýlerinden göçürmäge mejbur bolandyrlar.

Tags