Päkistan halky we döwleti Amerikanyň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isleýär
Päkistan Senatynyň başlygy telefon arkaly GGalibaf bilen geçiren söhbetdeşliginde Muhammet Bagher Galibafy Eýranyň Yslam şura başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we Pakistanyň halkynyň, hökümetiniň we mejlisiniň ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isleýändigini aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Salegh Sanjarani Galibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bilelikdäki söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary, sebitdäki ösüşler, köpçülikleýin abadançylygy üpjün etmek üçin Aziýanyň parlament liderleriniň birleşmeginiň zerurlygy we koronawirus epidemiýasy barada pikir alyşdy.
Sadeg Sanjarany, Muhammet Bagher Galibafy Pakistanyň uzak wagtlyk dosty diýip atlandyrdy we parlament ýaly dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Pakistan Senatynyň başlygy Eýran we Päkistan parlamentleriniň sebite dowamly parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekdäki pozisiýasyna ünsi çekip, Yslam şura mejlisiniň Başlygyny resmi taýdan Yslamabat şäherine gitmäge çagyrdy.
"Muhammet Bagher Galibaf,penşenbe güni jemi 267 sesden 230 ses alyp, Eýranyň mejlis başlygy boldy.