Hytaý Eýrana garşy rezolýusiýa barada duýduryş berdi
(last modified Thu, 18 Jun 2020 19:50:04 GMT )
Jun 19, 2020 00:50 Asia/Ashgabat
  • Hytaý Eýrana garşy rezolýusiýa barada duýduryş berdi

Hytaýyň wekili penşenbe güni Halkara atom energiýasy gullugynyň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisinde Eýrana garşy rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň diňe IAEA-ny däl, eýsem ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ulgamyny hem ýok etjekdigini duýdurdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Hytaýyň halkara guramalardaky ilçisiniň orunbasary Huaýeshng Daýyň aýtmagyna görä Häzirki ýagdaýda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny saklamak we durmuşa geçirmek Eýranyň ýadro meselesini çözmegiň iň gowy usulydyr.

Daý ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çekilmegini dartgynlylyga sebäp bolan "birtaraplaýyn guldurlyk" diýip häsiýetlendirmek bilen Amerikany ýadro ylalaşgy we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlary boýunça borçnamalaryna gaýdyp gelmäge çagyrdy.

Hytaýyň wekili, Eýranyň Waşingtonyň iň ýokary basyş syýasatyna jogap hökmünde IAEA Geňeşine beren borçnamalaryny kem-kemden azaldýandygyny aýtmak bilen Tähran, sanksiýalar ýatyrylsa we ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň bähbitlerinden peýdalansa, ylalaşyga gaýdyp geljekdigini elmydama mälim edendir diýip beýan etdi.