Rus resmisi koronawirusyň bilkastlaýyn ýaýradylmagy barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8032-rus_resmisi_koronawirusyň_bilkastlaýyn_ýaýradylmagy_barada_duýduryş_berdi
Orsýetdäki Terrorçylyga garşy göreş merkeziniň başlygy terrorçy toparlaryň koronawirusy bilkastlaýyn dürli ýerlerde ýaýradýandyklaryny duýdurdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 29, 2020 16:54 Asia/Ashgabat
  • Rus resmisi koronawirusyň bilkastlaýyn ýaýradylmagy barada duýduryş berdi

Orsýetdäki Terrorçylyga garşy göreş merkeziniň başlygy terrorçy toparlaryň koronawirusy bilkastlaýyn dürli ýerlerde ýaýradýandyklaryny duýdurdy.

Andreý Nowikow Orsýetiň Tass habar gullugy bilen söhbetdeş bolanda Hökümetler adamlaryň howpsuzlygyny, saglygyny üpjün etmek we janlaryny halas etmek üçin ünsi jemleýän wagtynda, terrorçy toparlaryň hakyna tutan adamlary jemgyýetçilik ýerlerinde, döwlet edaralarynda we başga ýerlerde koronawirusy bilkastlaýyn ýaýratýandyrlar diýip yglan etdi.

Orsýetde ýerleşýän Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň (GDA) terrorçylyga garşy merkeziniň başlygy sözüniň dowamynda Şeýle hereketler adamlaryň ruhyna we beden saglygyna täze bir howpy döredýändigini aýtdy.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda koronawirusyň ýaýramagyndan ejir çeken köp ýurtda bu kesele uçranlaryň we ölümleriň sany köpeldi.

Iň soňky statistikalara görä, şu wagta çenli dünýäde 10 million 280 müňden gowrak adam bu wirusa arkaly keselländirler.