Hytaý bilen Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Hytaý bilen Orsýetiň prezidentleri Telefon söhbetdeşliginde hyzmatdaşlygyň ösüşi, birek-birege berk goldaw we her hili daşary ýurt päsgelçiligini ret etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Hytaýyň prezidenti Şi Jin Ping çarşenbe güni agşam Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine jaň edip, öz ýurtlarynyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny we ösüşini goramak we birek-biregiň umumy bähbitlerini goramak üçin Orsýet bilen arkalaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Hytaýyň prezidenti, Coronawirusynyň ýaýramagynyň iň kyn pursatlarynda birek-biregi goldandyklaryny belläp, täze döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki tarapyň hem isleglerini kanagatlandyrmalydygyny aýtdy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem öz ýurdunyň Hytaýyň Hong kongynyň ýörite dolandyryş sebitinde milli howpsuzlygy goramak ugrundaky tagallalaryny doly goldaýandygyny aýtdy.
Putin Hong kongyň milli howpsuzlyk kanunyny goldamak bilen, Orsýetiň Hytaýyň özygtyýarlylygyny bozýan her dürli öjikdiriji hereketlere garşydygyny aýtdy.