Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky serhetdäki dartgynlygy azaldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8302-ermenistan_bilen_azerbaýjan_respublikasynyň_arasyndaky_serhetdäki_dartgynlygy_azaldy
Ermenistan Goranmak ministrligi Azerbaýjan bilen serhetdäki ýagdaýyň asuda bolandygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 28, 2020 18:57 Asia/Ashgabat
  • Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky serhetdäki dartgynlygy azaldy

Ermenistan Goranmak ministrligi Azerbaýjan bilen serhetdäki ýagdaýyň asuda bolandygyny aýtdy.

Ermeni Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian özüniň Facebook sahypasynda Serhetýaka sebitlerde birneme asuda bolandygyna garamazdan, Azerbaýjan respublikasynyň güýçleri dürli serhetýaka sebitlerde ýaraşygy 17 gezek bozup, ermeni güýçleriniň pozisiýalaryna ok atdylar diýip ýazdy.

12-nji iýulda Ermeni goşuny Azerbaýjan respublikasynyň serhetýaka sebitindäki pozisiýalaryny oklady, ermeni goşunynyň ar alyş jogaby bilen garşylandy we bu hem adam pidalaryna sebäp boldy.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň Nagorno-Garabag sebitindäki dawa 1988-nji ýylda başlandy we 1992-nji ýylda harby konflikte öwrüldi.

Bu çaknyşygyň netijesinde Azerbaýjan Respublikasynyň Nagorno-Garabag sebiti we ýedi goňşy şäher Ermeni güýçleri tarapyndan basylyp alyndy.