Türkiýe bilen Orsýetiň prezidentleriniň arasynda gepleşik geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8490-türkiýe_bilen_orsýetiň_prezidentleriniň_arasynda_gepleşik_geçirildi
Türkiýäniň we Orsýetiň prezidentleri sebitdäki wakalary we global meseleleri telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Aug 18, 2020 17:27 Asia/Ashgabat
  • Türkiýe bilen Orsýetiň prezidentleriniň arasynda gepleşik geçirildi

Türkiýäniň we Orsýetiň prezidentleri sebitdäki wakalary we global meseleleri telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Rejep Taýyp Erdogan we Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etmegi, sebit we halkara meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etmegi, esasanam Siriýa we Liwiýa krizisi barada ylalaşdylar.

Şeýle hem iki tarap ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak üçin zerur çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Orsýet bilen Türkiýäniň Siriýadaky wakalar boýunça oňyn syýasy hyzmatdaşlygyna garamazdan, iki ýurduň Liwiýa krizisine bolan garaýşy düýbünden parhlydyr.