Ardogan: Ortaýer deňzindäki jedelleri gepleşikler arkaly çözmek mümkindir
Türkiýäniň prezidenti Germaniýanyň kansleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Gündogar Ortaýer deňzinde adalatly çemeleşilse, jedeller gepleşikler arkaly çözülip bilner diýdi.
Anadoly habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardogan Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Ýewropa ýurtlarynyň Gündogar Ortaýer deňzi meselelerinde adalatly we paýhasly pozisiýa eýelemelidigini aýtdy.
şeýle hem Ardogan, Türkiýäniň öz hukuklaryna ygrarlydygyny we syýasatlaryny işjeň alyp barjakdygyny aýtdy.
Türkiýe bilen Gresiýa, Ortaýer deňziniň gündogaryndaky nebit we gaz gözlegleri sebäpli aýratyn ähmiýete eýe bolan sebitlere eýeçilik meselesinde jedelleşýärler.
Gresiýa we Türkiýe 1970-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri üç gezek söweş bosagasynda ýerleşendirler.