Azerbaýjan Respublikasynyň goşuny bilen Ermenistan arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8886-azerbaýjan_respublikasynyň_goşuny_bilen_ermenistan_arasyndaky_çaknyşyklar_dowam_edýär
Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministrligi, Nagorno Garabagyň territoriýasynda bu ýurduň harby güýçleri bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň dowam edýändigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 30, 2020 14:34 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasynyň goşuny bilen Ermenistan arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär

Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministrligi, Nagorno Garabagyň territoriýasynda bu ýurduň harby güýçleri bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň dowam edýändigini yglan etdi.

Ermeni güýçleri Madagiz ugrundaky Ak Dere sebitindäki azat edilen ýerleri yzyna almak üçin täze güýçler getirdi we çarşenbe güni irden täze hüjümleri amala aşyrdy diýip Azerbaýjan Respublikasynyň  Goranmak ministrligi habar berdi.

Hasabata görä, Azerbaýjan respublikasynyň harby güýçleri Ermenistanyň harby pozisiýalaryny hem nyşana alypdyr we şu wagta çenli bu ýurduň köp sanly harby enjamlaryny ýok edipdir.

Mundan ozal Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Nagorno-Garabag sebitiniň käbir bölekleriniň ermeni güýçleriniň erkinden çykandygyny aýdypdy.

Dünýäniň köp sanly halkara guramasy we ýurtlary çaknyşyklary bes etmegi we iki ýurduň arasynda gepleşikleriň başlamagyny talap edip duranlygyna garamazdan, Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasy bu etapda gepleşiklere başlamagy mümkin hasaplamaýarlar.