Oct 01, 2020 11:50 Asia/Ashgabat
  • Sanders: Trump Amerikanyň taryhynda iň howply prezident

Wermont ştatynyň senatory, 2020-nji ýyldaky saýlawlaryň ilkinji çekişmesine jogap edip, prezidenti jynsparaz we ýurduň taryhynda iň howply prezident diýip häsiýetlendirdi.

Fars habar gullugynyň çarşenbe güni beren habaryna görä, Wermont ştatynyň senatory Berni Sanders prezident Donald Trumpyň şu ýylky ilkinji saýlaw çekişmesinde eden çykyşyna reaksiýa bildirdi.

Sanders: Adamlar öz prezidentiniň diňe hemişe ýalan sözlemeýändigini, hakykatdanam bilime ynanmaýandygyny gördüler diýdi.

Corona wirusy bilen garşylaşmakda başarnyksyz bolmakdan başga-da, Trump aslynda jynsparaz we gaty uzak wagt bäri ýagyz meselesini Amerikalylary bölmek üçin ulandy diýdi.

Respublikan we Demokratik dalaşgärler Donald Trump bilen Jo Baýdeniň arasyndaky ilkinji çekişme çarşenbe güni irden Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherindäki Keýs Western Reserve uniwersitetinde geçirildi.

Syýasy analitikleriň we bilermenleriň köpüsiniň pikiriçe, çekişme dalaşgärleriň arasynda dilden dawa-jenjel bolup, esasy maksadyndan sowuldy we iki garşydaşyň arasyndaky gapma-garşylyk sahnasyna öwrüldi.

ABŞ-da prezident saýlawy 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriler.

Tags