Täjigistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
Täjigistanyň Daşary işler ministri we Ýaponiýanyň ilçisi iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.
Şu gün FARS habar gullugynyň habaryna görä Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirajuddin Mehraldin we Ýaponiýanyň Täjigistandaky ilçisi Takaýuki Miýaşito korona keseline garşy göreşde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem bu duşuşykda adam resurslaryny taýýarlamak we ösdürmek Täjigistanyň ösüşiniň strategiki ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup, Täjigistanly hünärmenleriň Ýaponiýada dürli okuw kurslaryna gatnaşmagy barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Täjigistan bilen Ýponiýanyň hökümetleriniň arasynda adam resurslaryny ösdürmek üçin stipendiýa taslamasy barada özara düşünişmek memorandumy gol çekildi.