Nagorno-Garabagda atyşygy bes etmek üçin Ermenistanyň ileri süren şerti
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8912-nagorno_garabagda_atyşygy_bes_etmek_üçin_ermenistanyň_ileri_süren_şerti
Ermenistanyň premýer-ministri Türkiýäniň Günorta Kawkazdan çekilmeginiň Nagorno-Garabag sebitinde ot açyşlygyň bes edilmeginiň şertidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 03, 2020 13:34 Asia/Ashgabat
  • Nagorno-Garabagda atyşygy bes etmek üçin Ermenistanyň ileri süren şerti

Ermenistanyň premýer-ministri Türkiýäniň Günorta Kawkazdan çekilmeginiň Nagorno-Garabag sebitinde ot açyşlygyň bes edilmeginiň şertidigini aýtdy.

Şenbe güni Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Kanadanyň "The Globe and Mail" gazetine beren interwýusynda "Häzirki wagtda Türkiýe tarapyndan goldanýan Ortagündogar sebitinden terrorçylar azerbaýjan güýçleri bilen bilelikde ermeni goşunyna garşy söweşýär diýip toslady.

Ermenistanyň premýer-ministri anna güni Ankaranyň Nagorno-Garabak konflikt zonasyndaky hereketleri sebäpli Türkiýäniň Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Minsk toparyna agzalygynyň saklanmagyny isledi.

Ermenistan Türkiýäni Azerbaýjan Respublikasyna gatnaşmakda we harby kömek bermekde birnäçe gezek aýyplaýar, ýöne Bakuwyň resmileri bu aýyplamany ret edýärler, ýöne Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasynda ýüze çykan dartgynlylyk we serhet çaknyşyklaryndan soň Ankara Bakuwyň tarapynda durýandygyny we elinden gelen kömegi etjekdigini yglan etdi.