Orsýet: ABŞ dünýädäki iň uly adam hukuklaryny bozýan ýurt
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9030-orsýet_abŞ_dünýädäki_iň_uly_adam_hukuklaryny_bozýan_ýurt
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky Şweýsariýanyň Ženewadaky hemişelik wekili Amerikany dünýäde adam hukuklaryny iň köp bozýan ýurt diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 15, 2020 12:32 Asia/Ashgabat
  • Orsýet: ABŞ dünýädäki iň uly adam hukuklaryny bozýan ýurt

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky Şweýsariýanyň Ženewadaky hemişelik wekili Amerikany dünýäde adam hukuklaryny iň köp bozýan ýurt diýip atlandyrdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Gennadiý Gatilow" çarşenbe güni agşam twitterde adam hukuklaryny iň köp bozýanlaryň ABŞ-da ýerleşendiklerini aýtmak bilen Waşingtondan adam hukuklary meselelerine üns bermegi isledi.

Gatilow sözüniň dowamynda Amerika Beýleki ýurtlary adam hukuklaryny bozmakda aýyplamagyň ýerine, içerki meselelerini çözmelidir diýdi.

Orsýetiň BMG-nyň Ženewadaky wekiliýetiniň bu twiti Amerikanyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň çarşenbe güni Hytaýyň, Orsýetiň we Kubanyň BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň agzasy hökmünde saýlanmagyny tankytlap ýazan twitine jogap hökümindedir.

Sişenbe güni BMG Adam Hukuklary Geňeşinde Orsýet, Hytaý, Kuba we beýleki 12 ýurt 97 sesiň köplügine eýe boldy.