Ardogan fransuz harytlaryny boýkot etmäge çagyrdy
(last modified Tue, 27 Oct 2020 06:02:37 GMT )
Oct 27, 2020 11:02 Asia/Ashgabat
  • Ardogan fransuz harytlaryny boýkot etmäge çagyrdy

Fransiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlykdan soň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň yslam mukaddesliklerine we musulmanlara eden kemsidilmeginden soň, Rejep Taýyp Ardogan fransuz harytlaryny boýkot etmäge çagyrdy.

Duşenbe güni agşam "Pygamberiň doglan güni hepdeliginiň" başlanmagy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş eden Ardogan Makrony ýene bir gezek "syrkaw" diýip häsiýetlendirip "Yslam we musulmanlara garşy hüjüm fransuz lideriniň goldawy bilen başlandy" diýmek bilen onüň ruhy taýdan bejerilmeli aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti sözüniň dowamynda "Yslam we musulmanlar bilen duşmançylyk etmek käbir Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan goldanýan syýasata öwrüldi" -diýdi.

Ardogan çykyşynyň başga bir böleginde Germaniýanyň kansleri Angela Merkele hüjüm etdi we: "Özüňiziň aýdýan dinleriň azatlygy nirede?" 100-den gowrak polisiýa işgäriniň Germaniýadaky metjide hüjüm etmegine nädip rugsat berdiň? diýdi.

Ol Ýewropanyň häzirki liderlerini faşist we nazi diýip atlandyryp, "Ýewropalylar yslama duşmançylyk edip hiç zat gazanyp bilmezler" diýdi.

Makron ýaňy-ýakynda Fransiýanyň Yslam pygamberine (saw) garşy kemsidiji Karikaturalary çap etmegini dowam etdirjekdigini aç-açan yglan etdi; bu iş Musulmanlaryň ýiti reaksiýasy bilen garşylandy.

Bu ädim köp sanly yslam we arap ýurtlaryny fransuz harytlarynyň satyn alynmazlygyna gözegçilik etmäge mejbur etdi.