Alžiriň kolonial döwründe fransiýanyň jenaýatlarynyň paş edilmegi
Alžiriň prezidentiniň taryhy meseleler boýunça geňeşçisi Alžiriň kolonial döwründe fransuz jenaýatlaryny paş etdi.
Anadoly habar gullugynyň habaryna görä, Alžiriň prezidenti "Abdolmajid Teboun" -yň taryhy geňeşçisi "Abdolmajid Şeýhi" kolonial döwürde fransuzlaryň Alžiriň söweşijileriniň süňklerini sabyn ýasamak we şeker arassalamak üçin ulanandygyny paş etdi.
Şeýhi sözüniň dowamynda Alžirdäki gyrgynçylykdan soň fransuzlar bu ýurtda öldürilenleriň köpüsiniň süňklerini Fransiýanyň Marsey şäherine alyp gidendiklerini aýtdy.
Tebonyň taryhy meseleler boýunça geňeşçisi şeýle-de fransuzlaryň Alžiriň kolonial döwrüň arhiwlerini (resminamalaryny we suratlaryny) yzyna gaýtarmagynyň öňüni alýandygyny aýtdy.
Alžiriň prezidenti, "Abdolmajid Şeýhini" Alžiriň kolonial döwri (1830/1962) bilen baglanyşykly fransuzlar bilen gepleşik geçirmegi tabşyrdy.
Fransiýa we Alžir dört ýyl bäri entek çözülmedik dört taryhy mesele boýunça gepleşik geçirýärler we bu faýllaryň biri, Fransiýanyň resmileriniň Alžire berilmegini kabul etmeýän Alžiriň arhiwi bilen baglanyşykly.