Aliýew: Türk goşuny Azerbaýjan respublikasynyň çägine girýär
Nov 18, 2020 22:35 Asia/Ashgabat
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, türk goşunynyň Azerbaýjan Respublikasynyň çägine girip, şol ýurduň we Nagorno-Garabagyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin girjekdigini aýtdy.
“Itar-Tass” habar gullugynyň habaryna görä, Elham Aliýew twitter arkaly Azerbaýjanyň öz territoriýasy üçin söweşendigini we territorial bitewiligini saklandygyny ýazypdyr.
Alivew şeýle-de 30 ýyl bäri öýden uzakda ýaşaýan göçürilen adamlaryň şäherlerine gaýdyp gelmek wagtynyň yglan edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdy.
Bu bir ýagdaýdadyr welin, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Nagorno-Garabagyň soňky statusynyň entek kesgitlenmändigini we bu ýagdaýy saklamak üçin ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.
Tags