Putiniň Aliýew we Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Orsýetiň prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti we Ermenistanyň premýer-ministri bilen Nagorno-Garabag sebitinde ot açyşlygyň bes edilmegi barada telefon arkaly gürleşdi.
"Sputnik" habar gullugynyň habaryna görä, Kreml köşki sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Aliýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Nagorno-Garabag sebitindäki rus parahatçylygy goraýjy güýçleriniň iş şertleri barada aýry aýryk telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berdi.
Orsýetiň prezidenti şeýle-de bu söhbetdeşliklerde, ýerli ýaşaýjylara kömek etmek üçin mundan beýläkki çäreler, sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlyk we ulag infrastrukturasy barada olar bilen maslahatlaşdy.
Putin, şeýle hem, Orsýetiň wekiliýetiniň geçen hepde Bakuda we Ýerewana eden saparynyň netijelerini, şeýle hem Nagorno-Garabag sebitinde Aliýew we Paşinýan bilen ýaraşyk şertnamasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy.
Orsýetiň prezidenti, Nagorno-Garabag datgynlylygyny çözmek üçin şertleriň Ermenistan we Azerbaýjan respublikasynyň bähbitlerine esaslanjakdygyny aýtdy.
10-njy noýabrda Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan Orsýetiň araçylyk etmegi bilen Nagorno-Garabagdaky söweşiň bes edilmegi barada ylalaşdylar.