Ýewropa Bileleşigi Eýranyň ýadro alymynyň terror edilmegini ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9430-Ýewropa_bileleşigi_eýranyň_ýadro_alymynyň_terror_edilmegini_ýazgardy
Ýewropa Bileleşigi (EUB) Eýranyň ýadro we goranmak alymynyň öldürilmegini adam hukuklaryna hormat goýmak ýörelgesini bozýan jenaýat hökmünde häsiýetlendirdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 28, 2020 16:56 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Bileleşigi Eýranyň ýadro alymynyň terror edilmegini ýazgardy

Ýewropa Bileleşigi (EUB) Eýranyň ýadro we goranmak alymynyň öldürilmegini adam hukuklaryna hormat goýmak ýörelgesini bozýan jenaýat hökmünde häsiýetlendirdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu Ýewropa instituty şenbe güni Şehit Fahrizadeniň öldürilmegini ýazgarýan beýanat ýaýratdy.

bu beýannamada "2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Absardda bir topar zorlukly hüjümde Eýranyň bir döwlet işgäri we birnäçe parahat ilat öldürildi bu, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanýan adam hukuklaryna hormat goýmak ýörelgesine ters gelýän jenaýat işidir diýlip getirilýär.

Ýewropa Bileleşigi bu terrorçylykly hüjümde şehit bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirmek bilen ýaralananlaryň tiz gutulmagyna umyt bildirdi.

BMG-nyň ýörite hasabatçysy Agnes Kalamard Şehit Mohsen Fahrizadeniň öldürilmegine reaksiýa bildirip, ýaragly çaknyşygyň daşyndaky serhetaşa öldürmegiň halkara adam hukuklary kanunlaryny we BMG Tertipnamasyny bozýandygyny aýtdy.

Mohsen Fahrizadehiň anna güni agşam Tähranyň golaýyndaky Damawandyň Absard sebitinde terror edilmegi Eýranda we dünýäde köp reaksiýalary döretdi.

Dünýädäki birnäçe ýurt bu terrorçylykly hüjümi ýazgardy.