Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 47 müň 968 adama ýetdi
Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 630 müň 70 adama ýetdi.
Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 73 million 275 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 51 million 413 müň adama ýetdi.
Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 47 müň 968 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 707 müň adama ýetdi.
Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 143 müň 746 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 9 million 906 müň 507 adama ýetdi.
Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 223 adam artyp, jemi 52 müň 670 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 müň 704 adamlyk artyş bilen, 1 million 123 müň adamdan geçdi.
Kowid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda epidemiýa sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy, 86 müň 758 adam bolsa hasaba alyndy. Hytaýda soňky 24 sagatda ýene-de 17 adam koronawirusa ýolugandygy anyklandy. Ýurtda soňky 1 günde adam ýitgisi bellige alynmady.
Iordaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 42 adamlyk artyş bilen 2 müň 863 adama ýetdi. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 3 müň 407 adamlyk artyş bilen, 262 müň 477 adama ýetdi.
Alžirde soňky 24 sagatda ýene-de 13 adamyň Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalmlagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 2 müň 603 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 603 adamlyk artyş bilen, 92 müň 597 adama ýetdi.
Kowid-19 sebäpli 2 müň 585 adamyň ýogalan Ýaponiýada wirusa ýoluganlaryň sany 179 müň 653 adama ýetdi.
Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 312 adamlyk artyş bilen, jemi 55 müň 740 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 11 müň 353 adamlyk artyş bilen 2 million 404 müň 414 adama ýetdi. Materikde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 23 müň 451 adama, Müsürde 6 müň 943 adama, Marokkoda 6 müň 659 adama ýetdi. Afrikada wirusa ýoluganlaryň sany Günorta Afrikada 866 müň 127 adama, Marokkoda 400 müň 826 adama, Müsürde bolsa 122 müň 86 adama ýetdi.
Afrika materiginiň günortasynda ýerleşýän Eswatini Şalygynda Kowid-19 sebäpli jemi 127 adam ýogaldy, 6 müň 768 adam bolsa hasaba alyndy. Eswatini Şalygynyň Premýer ministri Ambroze Dlamininiň koronawirus testiniň položitel çykmagyndan 4 hepde soň ýogalandygy aýan edildi.