Azerbaýjanyň prezidenti Ermenistana duýduryş berdi
Azerbaýjanyň prezidenti Ermenistana islendik hereketden ýa-da Nagorno-Garabak şertnamasynyň bozulmagy barada duýduryş berdi.
Ylham Alyýew azat edilen Ghobadli we Zangilan şäherlerine eden saparynda beýleki tarapdan bize bir ok atylsa, düzedip bolmajak netijeleriň boljakdygyny Ermenistana duýdurdy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ermenistanyň basyp alan obalarynyň we şäherleriniň weýran edilmegi barada-da durup geçdi we bu ýerleri täzeden gurmak, bu ýerleriň asyl eýelerini yzyna gaýtarmak we dikeltmek üçin ähli zerur çäreleri görjekdigimizi aýtdy.
YUNESKO-nyň beýanyny tankytlap, Ylham Alyýew: "ÝUNESKO esassyz talaplar öňe sürdi we ähli halklaryň mirasyny gorap saklaýarys" -diýdi.
Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasy birek-biregi Nagorno-Garabag sebitindäki taryhy we medeni ýadygärlikleri ýok etmekde günäkärleýärler.