Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentiniň Ermenistana duýduryşy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9750-azerbaýjan_respublikasynyň_prezidentiniň_ermenistana_duýduryşy
Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ermenistanyň Daşary işler ministriniň Nagorno-Garabaga eden soňky saparyna reaksiýa bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 07, 2021 14:15 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentiniň Ermenistana duýduryşy

Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ermenistanyň Daşary işler ministriniň Nagorno-Garabaga eden soňky saparyna reaksiýa bildirdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Ermenistannyň hereketleriň dowam etmegini dartgynly diýip atlandyrmak bilen Bakuw, şeýle öjikdiriji ädimler dowam etse, Ermenistanyň hasam ökünjekdigini duýdurýar diýip nygtady.

Aliýew bu saparlaryň hemmesiniň bes edilmelidigini we Halkara Gyzyl Haç komitetinden başga hiç bir daşary ýurt raýatynyň we halkara guramasynyň Bakuwyň rugsady bolmazdan bu yklyma girmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdy.

Azerbaýjanyň prezidenti bu gezek olara (Ermenistan) Daşary işler ministrliginiň üsti bilen habar berilendigini, ýöne mundan beýläk duýduryş başgaça boljakdygyny duýdurdy.