Jan 03, 2023 09:33 Asia/Ashgabat
  • bölüm 937, süre Älähkaf, aýat 15- 18

bölüm 937, süre Älähkaf, aýat 15- 18

راهی بسوی نور(937)

 

Älähkaf süresi, 15-nji aýat :

وَوَصَّیْنَا الإنْسَانَ بِوَالِدَیْهِ إِحْسَانًا حَمَلَتْهُ أُمُّهُ کُرْهًا وَوَضَعَتْهُ کُرْهًا وَحَمْلُهُ وَفِصَالُهُ ثَلاثُونَ شَهْرًا حَتَّى إِذَا بَلَغَ أَشُدَّهُ وَبَلَغَ أَرْبَعِینَ سَنَةً قَالَ رَبِّ أَوْزِعْنِی أَنْ أَشْکُرَ نِعْمَتَکَ الَّتِی أَنْعَمْتَ عَلَیَّ وَعَلَى وَالِدَیَّ وَأَنْ أَعْمَلَ صَالِحًا تَرْضَاهُ وَأَصْلِحْ لِی فِی ذُرِّیَّتِی إِنِّی تُبْتُ إِلَیْکَ وَإِنِّی مِنَ الْمُسْلِمِینَ ﴿١٥﴾

<< we biz ynsana “ene-ataňa ýagşylyk et” diýip tabşyrdyk , enesi kynlyk bilen  ony göwreli boldy we kynlyk bilen ony dünýä inderdi we enäniň göwreli bolup çagasyny süitden kesýänçä otuz aý uzaga çekýändir, onsuň ösüp kemal ýaşy 40 ýaşa baranda: eý bar hudaýa! maňa we enem atama , beren nygmatlaryň şükrüni berjay kylmagyň we seniň ýagşy görýän işiňi etmegiň pursatyny maňa ber we perzentlerimi men üçin salyhy we ylaýyk aýlandyr , dogrudan-da men seniň dergähiňe toba edip boýun egenlerdendirin. >>

Yslam dininiň möhüm ýüritelikleriniň biriside diniň , içer maşgala degişli işlere ünis bermegidir. Şol sebäpli hem gurhanyň aýatlarynyň we din taglymatynyň göze ilerli bölümi bu meselä haslanandyr . baş çatyşyp içeri maşgala gurmaklygy tabşyrmak , içeri maşgala ojagynda är-heleýiň arasynda mähiri muhabbetiň we ysnaşygyň bolmagy , çagaly bolup perzentleri oňat suratda terbiýelemek , içeri maşgala çygyrynda ýüze çykýan agyzalalyklary oňşornukly ýollardan çözmeklik , şeýlede zerur bolan ýerinde talak alyp aýrylşmak , gurhany kerimiň durly aýatlarynda ünis berilen mesyelelerdendir.

Bu aýat allanyň bütin ynsanlara -indi mömin bolsun ýada bolmasyn- tabşyrgysy bilen başlanýar . bu aýatda ene-atanyň hasda enäniň perzendleri ösdürip eklemekde başdan geçirýän kynçylyklaryna yşarat bolýar we bütin ynsanlardan ene ata garşysynda gadyrdan we pes päl bolmaklyk talap edilýär . gynanç bilen bu günki asyrda adamlar köplenç birin ýaşaýyşlaryna we ýeke özlerine ünis berip baş çatyşmakdan boýun gaçyrýarlar we şeýlelik bilen hem köpçülikde baş çatyşmalaryň we içeri maşgala gurmagyň sany azalyp barýar.

Baş çatyşýanlar hem köplenç az sanly çaga bilen ganagatlanýarlar bu gidişiň dowamly bolmagy ösen ýürtlerde jemgyýetiň azalmagyna we köpçüligiň gojalmagyna sebäp bolýandyr . dini medeniýetde 40 ýaşa ýeten kişi hakykatda jismi we akyl taýdan balyga bolup kemal derejesine ýedýändir we ýalaň suratda şeýle kişi içeri maşgalaly bolup perzently bolýandyr.emma bu iş bilen , öz ene atasyndan gapyl goýmaly däl we ol ozalkylardan hem köpräk ene atasyna ýagşylyk etmek ugurda talaş etmelidir . ehsan etmek enfak etmekden giňräk örni öz içine alýar we diňe maly kömeklere çäklenip durmaýar şol sebäpli hem eger kä ene atalar maly taýdan öz aýaklarynyň östünde durup mätäç bolmasalarda olar mähir muhabbet taýdan öz perzentlerine teşne bolýarlar ýada kä mahallarda hem gojalyk ýaşa ýetenseňler olara durly güzüçilikler we kömekler gerekli bolýar. gurhany kerimiň älähgaf süresiniň bu aýatynda gelen ehsan sözi ýaňky işleriň hemmesini öz içine alýandyr. Emma şol halda hem ene ata üns bermeklik , adamy , başdaşyndan we perzendlerinden gapyl galdyrmaly däldir şol sebäpli bu aýatyň dowamynda perzendleriň salyhy bolmagyna yşarat bolýar.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- ene ataň öz perzendine bolan hak hukuklarynyň biriside ýaşaýyşyň boýdan başynda olara yhsan etmekdir bu ýagşylyk yzgiderli bolmalydyr diňe belli bir döwürde we zerür bolan ýerinde bolmaly däldir.

2- ene ata ýagşylyk etmekde olaryň musulman bolmagy şert däldir yslam bu işi adamkärçlikli bir tabşyryk bilendir.

3- hem ene hemde ata ýagşylyk etmek gereklidir ýöne şu aralykda ene göwreli bolan wagtynda , çagany dünýä getirende we süýt berýän döwründe kan azaplara we agyr kynçylyklara gabat gelenseň oňa bolan mähir muhabbet we ehsan hem köpräk bolmalydyr.

4- eneleriň çeken kynçylyklaryny we azaplaryny ýatlap durmaklyk , perzentleriň ynsanlyk dugylarynyň joşup durmagynda täsirlidir.

5- çagalara doga edip olary terbiýelemegiň ýanynda ene ata hakda hem doga edip olara hyzmat ýetirmek perwerdigäriň ynsanlara bolan tapşyryklaryndandyr.

Älähkaf süresi, 16-njy aýat :

أُولَئِکَ الَّذِینَ نَتَقَبَّلُ عَنْهُمْ أَحْسَنَ مَا عَمِلُوا وَنَتَجاوَزُ عَنْ سَیِّئَاتِهِمْ فِی أَصْحَابِ الْجَنَّةِ وَعْدَ الصِّدْقِ الَّذِی کَانُوا یُوعَدُونَ ﴿١٦﴾

<< olar , iň ýagşy işleri ýerine ýetirenleriň hatarynda ýerleşerler, şonuň üçin olaryň (tobalaryny) kabul edip olaryň telek işlerinden geçeris, olar behiştileriň sanyndandyrlar. bu zat, olara wada berilen dogry wadadyr. >>

Ozalky aýatda , perwerdigäriň , ene ata we perzendlere ýagşylyk etmekleri barada beren tabşyryklaryna yşarat boldy bu aýatda , şeýle bir ylahy möhüm buýruga amal edenleriň paý-padaşyna yşarat bolup: alla tagala ýagşylyk edýänleri behişte äkidjekdigi barada wada berýär we kim , alladan başga öz wadalaryna amal etmekde dogyrçyrakdyr” diýlip getirilýär.

Elbet behişte girmegiň şerti , toba edip günälerden arastalanmaklykdyr şol sebäpli hem alla tagala ýagşy işleri ýerine ýetirýän adamlaryň ýalňyş işlerinden geçip olaryň salyhy işlerini kabul etjekdir. Bu bolsa , perwerdigäriň dogyrçy adamlar hakda bolan iň uly lutfydyr perwerdigär birje ýagşy işi ýerine ýetirýän adamlara ençeme esse padaş berjekdir.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- amalyň degerligi, onuň ýerine ýetirilmegine dälde eýsem kabul edilmeginde baglydy . şeksiz diňe gerek bolan şeritlere eýe bolup iň oňat suratda ýerine ýetirilýän iş allanyň dergähinde kabul boljakdyr.

2- ene ata yhsan etmek , ýagşy işleriň kabul edilmegine ýerlik döredýändir. we bu iş allanyň bagşaşyny öz yzyna tirkeýändir.

3- her kimse öz ene atasyna hasda enesine ýagşylyk etse hakykatda behişte barmaklygyň ýoluny özüne tekizleýändir.

Älähkaf süresi, 17 we 18-njy aýatlar :

وَالَّذِی قَالَ لِوَالِدَیْهِ أُفٍّ لَکُمَا أَتَعِدَانِنِی أَنْ أُخْرَجَ وَقَدْ خَلَتِ الْقُرُونُ مِنْ قَبْلِی وَهُمَا یَسْتَغِیثَانِ اللَّهَ وَیْلَکَ آمِنْ إِنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ فَیَقُولُ مَا هَذَا إِلا أَسَاطِیرُ الأوَّلِینَ ﴿١٧﴾ أُولَئِکَ الَّذِینَ حَقَّ عَلَیْهِمُ الْقَوْلُ فِی أُمَمٍ قَدْ خَلَتْ مِنْ قَبْلِهِمْ مِنَ الْجِنِّ وَالإنْسِ إِنَّهُمْ کَانُوا خَاسِرِینَ ﴿١٨﴾

<< we öz ene atasyna of bolsyn size diýip aýdan kişi “menden ozal kop nesiller gelip keçen halynda Maňa ölümden soň direlmegiň wadasyny berýärsiňizmi?” diýip aýdan mahaly olaryň ikisib allanyň dehähine ýalbaryp “ waý saňa oglan! Iman getir, allanyň wadasy hakdyr” diýip aýdýarlar. Şonda oglan “siziň bu aýdýan zatlaryňyz gadym ertekiden başga zat däldir diýip jogap berýär.// olar , mundan ozal allanyň synagnagy bilen ýaşap geçen yns we jyndan bolan ymmatlar ýalydyrlar we şeksiz olar zýankär bolandyrlar. >>

Öz ene atalarynyň gadryny bilýän salyhy perzentleriň garşysynda , kä bir içeri maşgalalarda nä ähil bolan perzentler hem ösüp ulalýarlar olar öz ene atalaryna kynçylyk dörüdip telek we ýaramaz sözleri aýdyp ene atalaryny ynjydýarlar . olar ene atalarynyň hak hukuklaryny göz öňüne almaýandyklara bärde dursyn eýsem olaryň dini terbiýelerini hem kabul etmeýärler. bu hili adamlar ene atalarynyň dini ynamlaryny masgaralap ylahy pygamberleriň wadalaryny hem ýalan bilýärler. Elbetde şu hili haka garşy durup gadyr bilmeýän adamlaryň soňy : zalymlaryň sanynda ýerleşmekden başga zat däldir olara şum yzgelimlere garaşýandyrlar we olar bu ýoldan gaçyp gutulup biljek däldirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kä perzentler salyhy bolmaýarlar we dogry ýoldan gyşarýarlar . emma ene atanyň olar hakdaky wezipesi olary gargamagyň ýerine dogada bolup olary dogry ýola tarap çagyrmalydyrlar.

2- ene atalar öz perzentlerini hedaýat edip olara ýol görkezmekde borçlydyrlar . olar perzentlerine dini terbiýäni bermek ugurda talaş etmelidirler we bu ugurda hiç bir talaşdan gaýtmaly däldirler .

3- hudaýy göz öňüne almaýan kişi ene atasy hakda hem öz borjunda tapyljak däldir we ene atalarynryň hak hukuklaryny aýak aşaga saljakdyrlar we hatda olara garşy durmagy hem mümkindir.

////////////