bölüm 1012, süre Mumtahana, aýat 7-13
bölüm 1012, süre Mumtahana, aýat 7-13
برنامه تفسیر نور (ممتحنه2)
1012
Mumtahana süresi, 7, 8 we 9-njy aýatlar:
عَسَى اللَّهُ أَنْ یَجْعَلَ بَیْنَکُمْ وَبَیْنَ الَّذِینَ عَادَیْتُمْ مِنْهُمْ مَوَدَّةً وَاللَّهُ قَدِیرٌ وَاللَّهُ غَفُورٌ رَحِیمٌ ﴿٧﴾ لا یَنْهَاکُمُ اللَّهُ عَنِ الَّذِینَ لَمْ یُقَاتِلُوکُمْ فِی الدِّینِ وَلَمْ یُخْرِجُوکُمْ مِنْ دِیَارِکُمْ أَنْ تَبَرُّوهُمْ وَتُقْسِطُوا إِلَیْهِمْ إِنَّ اللَّهَ یُحِبُّ الْمُقْسِطِینَ ﴿٨﴾ إِنَّمَا یَنْهَاکُمُ اللَّهُ عَنِ الَّذِینَ قَاتَلُوکُمْ فِی الدِّینِ وَأَخْرَجُوکُمْ مِنْ دِیَارِکُمْ وَظَاهَرُوا عَلَى إِخْرَاجِکُمْ أَنْ تَوَلَّوْهُمْ وَمَنْ یَتَوَلَّهُمْ فَأُولَئِکَ هُمُ الظَّالِمُونَ ﴿٩﴾
<< hudaýyň siziň we siz bilen olaryň arasynda duşmançylyk ýüze çykanlaryň arasynda dostluk berkarar etmegine umytly bardyr we perwerdigär başarjaňdyr we alla mähryban we magfyrat edijidir.// perwerdigär sizleri , din üçin sowaşmanlar we sizi ülkäňizden kawup çykarmanlar bilen ýagşylyk we adalat esasynda çykyş etmekden alyp galan däldir dogrudan-da perwerdigär adyl adamlary gowy görýändir.// perwerdigär sizi diňe , dine garşy bolup siz bilen sowaşyp sizleri ýurduňyzdan kowup çykaranlar bilen hemde sizi gowmakda arkalaşyk edenler bilen dostluk etmekden saklanmagyňyzy isleýändir onda her kimse olar bilen dostluk etse onda olar şol sütem edijilerdirler.>>
Geçen gepleşikde kufur we duşmançylyk etmek zerarly diniň duşmanlarynyň hatarynda bolan dostlar we kowum garyndaşlar bilen araňy kesmekden gürrüň boldy . bu aýatlar , Mekgeden medinä hijret edenlere ýüzleniň şeýle permaýyş edýär: siziň kowum garyndaşlaryňyzdan bolan Mekge müşrükleriniň yslama birigip duşmançylyklaryň dostluklara öwrülmegine umytlydyr elbet şu mahal olar musulman bolmasalarda musulmanlaryň tersine egerde bir işe baş goşman bolsalar olara hyzmat ýetirip muhabbet etmegiň hiç hili zýany ýokdur we olar bilen ahlagy usullar esasynda çykyş edip boljakdyr elbet bu iş bir hili bolmalydyr welin olaryň musulmanlaryň arasyna ornamaklaryna ýerlik taýýarlanmaly däldir we musulmanlaryň imanlary hem olar bilen aragatnaşykda bolmak zerarly soslanmaly däldir.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary:
1- musulmanlaryň we beilekileriň arasynda muhabbet ýada duşmançylyk bolmagyň ölçegi , dini ögredişlerdir musulmanlaryň tersine hiç bir hereketi ýerine ýetirmedik musulman däl kişiler bilen ýagşylyk esasynda çykyş etmelidir emma iman ähliniň tersine duşmançylykly işlere baş goşýanlar bilen aragatnaşyk gurmaklyk dan saklanyp olardan byzarlyk bildirmek zerurdyr.
2- geçmişde kapyrlar egerde musulmanlar bilen duşmançylyk edip erbed çykyş eden bolsalar we öz duşmançylyklaryndan saklansalar olaryň günälerinden geçmeklik we olary afu etmeklik mümkindir .
3- yskam hatda kapyrlara hem bolsa adalat we ýagşylygyň dinidir .
4- haýyr işlerde mätäç kapyrlar hem göüz öňüne alynmalydyrlar we olara ýagşylyk etmekden saklanmaklyk dogry däldir.
Mumtahana süresi, 10 we 11-njy aýatlar:
یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا إِذَا جَاءَکُمُ الْمُؤْمِنَاتُ مُهَاجِرَاتٍ فَامْتَحِنُوهُنَّ اللَّهُ أَعْلَمُ بِإِیمَانِهِنَّ فَإِنْ عَلِمْتُمُوهُنَّ مُؤْمِنَاتٍ فَلا تَرْجِعُوهُنَّ إِلَى الْکُفَّارِ لا هُنَّ حِلٌّ لَهُمْ وَلا هُمْ یَحِلُّونَ لَهُنَّ وَآتُوهُمْ مَا أَنْفَقُوا وَلا جُنَاحَ عَلَیْکُمْ أَنْ تَنْکِحُوهُنَّ إِذَا آتَیْتُمُوهُنَّ أُجُورَهُنَّ وَلا تُمْسِکُوا بِعِصَمِ الْکَوَافِرِ وَاسْأَلُوا مَا أَنْفَقْتُمْ وَلْیَسْأَلُوا مَا أَنْفَقُوا ذَلِکُمْ حُکْمُ اللَّهِ یَحْکُمُ بَیْنَکُمْ وَاللَّهُ عَلِیمٌ حَکِیمٌ ﴿١٠﴾ وَإِنْ فَاتَکُمْ شَیْءٌ مِنْ أَزْوَاجِکُمْ إِلَى الْکُفَّارِ فَعَاقَبْتُمْ فَآتُوا الَّذِینَ ذَهَبَتْ أَزْوَاجُهُمْ مِثْلَ مَا أَنْفَقُوا وَاتَّقُوا اللَّهَ الَّذِی أَنْتُمْ بِهِ مُؤْمِنُونَ ﴿١١﴾
<< eý iman getiren adamalar! her haçan öz kapyr başdaşlaryndan aýyrylyp size tarap hijret eden mömin zenanlar , ýanyňyza gelseler onda olary iman taýdan synap görüň perwerdigär olaryň imanlaryna danarakdyr eger olaryň imanlydygyny saýgaryp başarsaňyz onda olary kapyrlara tarap öwürmäň , bu zenanlar ol kapyrlara ne halaldyrlar, nede olar bulara. we kapyr başdaşlarynyň beren galyňlaryny ol kapyrlara beriň we egerde siz olar bilen baş çatyşsaňyz size günä ýokdur elbet egerde olaryň galyňlaryny töleseňiz . we kapyr zenanlaryňyzyň nikäsine boýun bolup durmaň olaryň nikäleri batyl bolandyr we siziň kapyrlara penaly bolan başdaşlaryňyza eden harajatyňyzy kapyrlardan talap ediň olaryň eden harajatlaryny sizden talap edişleri ýaly . bu allanyň size belli eden ylahy hökmüdir we perwerdigär ägä we hekimdir.// we eger siziň kälerňiz kapyrlara birigip elden giden başdaşlaryňyzyň galyňyny kapyrlardan alyp başarman bolsaňyz onda her haçan olary yzarlap olardan bir olja we baýlygy elgerip başarsaňyz başdaşlary kapyrlaryň ýanyna gidenlerinde , galyň üçin çykdaýjy edenleri sebäpli olara beriň we oňa imanyňyz bolan hudaýdan gorkuň. >>
Geçen aýatlarda musulmanlaryň we musulman adamlaryň gatnaşyklarynyň hiline yşarat boldy indi bu aýatlar biri musulman we biri hem kapyr bolan başdaşlaryň arasyndaky aragatnaşyklara yşarat edip şeýle permaýyş edýär : her haçan kapyrlardan bir zenan musulman bolup ol size pena getirse onda deslap onuň imanly dygyna ynamly boluň soň eger şu ugurda ynamly bolsaňyz ony kapyrlara tarap ögürmekden saklanyň şeýle bir ýagdaýda egerde şol zenanyň kapyr başdaşy öz zenanasynyň galyňyny tölän bolsa , yslamy häkim ol galyňy başdaşyna ögürmeklige tekliplidir . eger hem musulmanlaryň zenanlaryndan biri kapyrlara penalansa ol musulman erkegiň başdakçylygyndan çykýandyr we nikähleri batyl bolýandyr. Şeýle bir ýagdaýda kapyrlar ol musulman erkege galyň tölemelidirler. Eger şeýtmeseler onda kapyrlardan alynan uruş oljalardan şol musulman erkege berilmelidir we şeýdip onuň çeken zýanynyň ýeri doldyrylmalydyr.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :
1- zenan , dini saýlamakda başdaşyna eýerýän däldir we ol öz başdaşynyň akydasyndan garaşsyzlykda , akydasyny saýlamalydyr.
2- musulman erkek ýada zenan , başdaşy kapyr bolany soň öz başdaşy bilen bolan ortak ýaşaýşyny dowam berip başarýan däldir olar birek birekden aýyrşýandyrlar we talak almaklyga ýada talak bermeklige gerekligi ýokdur.
3- her haçan kapyr bir zenan musulman bolsa onda onuň imanynyň delili we şywasy barlanmalydyr we onuň bu işden maksadynyň yçalçylyk işler ýada özalky başdaşy bilen agyz ala bolmak ýada musulman erkegiň birine alakaly bolmak ýaly meseleler üçin bolmaly däldir.
4- adamlaryň maly hukuklaryny göz öňüne almaklyk yslam ýada kapyrçylyga ögrülýän däldir eýsem musulman bolsyn ýada kapyr adamlaryň hak hukuklary adyl ýüzünden gorylyp göz öňüne alynmalydyr.
Mumtahana süresi, 12 we 13-nji aýatlar:
یَا أَیُّهَا النَّبِیُّ إِذَا جَاءَکَ الْمُؤْمِنَاتُ یُبَایِعْنَکَ عَلَى أَنْ لا یُشْرِکْنَ بِاللَّهِ شَیْئًا وَلا یَسْرِقْنَ وَلا یَزْنِینَ وَلا یَقْتُلْنَ أَوْلادَهُنَّ وَلا یَأْتِینَ بِبُهْتَانٍ یَفْتَرِینَهُ بَیْنَ أَیْدِیهِنَّ وَأَرْجُلِهِنَّ وَلا یَعْصِینَکَ فِی مَعْرُوفٍ فَبَایِعْهُنَّ وَاسْتَغْفِرْ لَهُنَّ اللَّهَ إِنَّ اللَّهَ غَفُورٌ رَحِیمٌ ﴿١٢﴾ یَا أَیُّهَا الَّذِینَ آمَنُوا لا تَتَوَلَّوْا قَوْمًا غَضِبَ اللَّهُ عَلَیْهِمْ قَدْ یَئِسُوا مِنَ الآخِرَةِ کَمَا یَئِسَ الْکُفَّارُ مِنْ أَصْحَابِ الْقُبُورِ﴿١٣﴾
<< eý pygamber! her haçan imanly zenanlar seniň ýanyňa gelip hiç bir zady hudaýa şärik getirmän ogurlyk etmän zena işe baş goşman we perzentlerini öldürmän şeýlede öz rähimlerinden bolan haram dogutlaryny Ýalandan başdaşlaryna ýapman we haýyr işlerde seň permanyňdan boýun gaçyrman sen bilen peýman baglaşjak bolsalar onda olar bilen bigat et we olar üçin alladan magfyrat talap et.Perwerdigär magfyrat ediji we mährinandyr.// eý iman getiren adamlar! allanyň olara gazaply bolan topary özüňize dost we himaýatçy edip tutunmaň olar ahyretden numytdyrlar kapyrlaryň , gabyrdakylaryň öhürlip gelmeklerinden numyt bolyşlary ýaly.>>
Muhajyr zenanlaryň ýagdaýy hakda bolan geçen aýatlaryň dowamunda bu aýatlar , musulmanlar arkaly Mekgäň alynmagynda musulman diýip ykrar eden müşrük zenanlar hakdadyr we olar allanyň resuly bilen peýman baglaşmakçy boldylar zenanlaryň bigaty hakda bu aýatlarda gelen şeritler , erkekleriň bigatyna hem sydyk edýändir . emma nadanlyk dowrunde ýoň bolan medeniýet şeritler bir hilidy welin bu işler zenanlaryň arasynda ýörginräkdi we berklik bilen şeýle bir meselelere garşy durmaklyk zerurdy . ärleriň baýlyklaryndan ogurlapda olary atalaryň öýine alyp gitmek , haramy jynsy aragatnaşyklar hasda başdaşlarynyň ýok mahaly zena etmek , halal ýada haram gogytlaryny düşürmek , beýlekileriň çagalaryny saklapda olary öz başdaşlaryna degişli edip goýmak ýaly meseleler şol zamanda rowaçmyş şol sebäpli alla resulynyň şeýle bir ýaramazlyklary köpçilikden ýok etmegi zerur bolup durýardy.
Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary :
1- zenanlar , garaşsyzdyrlar olaryň hakyky şahsýaty we garaşsyz hukuklary bardyr şol sebäpli zenanlar sýasy we köpçilikli meselelerde öz başdaşlaryndan garaşsyz suratda we öz yradalary boýunça tutym tutup bilýärler.
2- zenanlaryň pysatdan päk bolmaklary , köpçiligiň sagdyn we arassa bolmagyna şerit döredýändir eger zenanlar päk bolup özlerini haý höwüsleriniň gözleginde bolan erkeklere hödürläp durmasalar netijede köpi haramy aragatnaşyklar we dönüklik etmeler ýok boljakdyr netijede ahlagy ýaramazlyklar ýok bolupda köpçilik sagdyn boljakdyr.
////////////