-
türkmenistan we owgan resmileriniň duşuşygy
Nov 23, 2021 14:11Türkmen delegasiýasy Owganystanyň magdan we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bilen duşuşanda bilelikdäki taslamalaryň we ykdysady we energiýa zolaklarynyň işine garadylar.
-
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Nov 22, 2021 18:16Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
-
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Nov 22, 2021 18:102021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
-
Eýran bilen tranzit hyzmatdaşlygy barada Özbegistan bilen Türkmenistanyň resmileriniň arasyndaky geňeşmeler
Nov 21, 2021 11:20Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri wirtual ýygnakda "Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman" halkara transport koridorynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
-
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy
Nov 20, 2021 11:5119-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.
-
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ HALKARA GIDROLOGIÝA MAKSATNAMASYNYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
Nov 20, 2021 11:482021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.
-
Lukmançylyk pudagynda türkmenistan-Germaniýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek
Nov 19, 2021 07:45Türkmen hökümeti, bilimlerini ýokarlandyrmak üçin bir topar türkmen lukmançylyk hünärmenini Germaniýa iberýär.
-
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ GATNAŞMAGYNDAKY HALKARA ÄHMIÝETLI ÇÄRELERE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
Nov 16, 2021 17:152021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarlyklara bagyşlanyp brifing guraldy.
-
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Nov 16, 2021 17:072021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanda ECO söwda sammiti geçirilýär
Nov 16, 2021 17:04Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (ECO) dördünji iş forumy 26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler.