Lukmançylyk pudagynda türkmenistan-Germaniýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek
Nov 19, 2021 11:15 Asia/Ashgabat
Türkmen hökümeti, bilimlerini ýokarlandyrmak üçin bir topar türkmen lukmançylyk hünärmenini Germaniýa iberýär.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, türkmen lukmanlary Germaniýa bilen hyzmatdaşlykda birnäçe ýyl bäri lukmançylyk pudagynda tälim alýarlar we hünärlerini ýokarlandyrýarlar.
Türkmen hünärmenleriniň bir topary lukmançylyk bilimlerini ýokarlandyrmak üçin 21-nji noýabrdan 24-nji noýabr aralygynda Germaniýa ugrarlar.
Iki ýurduň lukmanlary yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar we Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň mugallymlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar.
Tags