-
Masud Pezeşkian: Hiç bir güýç Eýranyň birleşen halkyny duruzyp, dyzyna getirip bilmez
Jul 31, 2025 09:18Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, hiç bir güýjüň agzybir we sazlaşykly halky dyzyna getirip, olary duruzyp bilmejekdigini aýdyp biz bile bolup, halkyň goldawyny we ýoldaşlygyny saklasak, ösüş we öňe gidiş ugrundaky hereketimizi hiç bir päsgelçilik saklap bilmez diýdi.
-
Eýranyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Eýrana garşy täze sanksiýalaryny ýazgardy
Jul 31, 2025 09:06Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary “Esmail Bagaýi” ABŞ-nyň Eýranyň energiýa we nebit pudaklary bilen baglanyşykly birnäçe şahslara we hukuky şahslara we gämilere garşy täze sanksiýalarynyň girizilmegini ýazgardy.
-
Irawani: Eýran Gazada atyşygy bes etmegi, adalatly we dowamly parahatçylygy, Palestinanyň BMG-ä doly agza bolmagyny isleýär
Jul 31, 2025 08:46Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani, Eýranyň öz ykbalyny kesgitlemek hukugynyň durmuşa geçirilmeginde palestina halkyna berk goldaw berýändigini yglan edip, Gazada gyssagly we şertsiz ot açylmagynyň ýatyrylmagyny, adalatly we dowamly parahatçylygy we Palestinanyň BMG-ä doly agza bolmagyny isledi.
-
Yslam rewolýusiýasynyň lideriniň gatnaşmagynda ýaňy-ýakynda girizilen söweşde şehit bolanlary hatyralamak dabarasy geçirildi
Jul 29, 2025 12:50Yslam rewolýusiýasynyň lideriniň gatnaşmagy we çykyşy bilen Sionist režimiň ýaňy-ýakynda Eýrana garşy alyp baran söweşinde şehit bolanlary hatyralamak dabarasy geçirildi.
-
Eýranyň BMG-däki ilçisi: BMG Howpsuzlyk Geňeşi Zahedandaky terrorçylyk hüjümini berk ýazgarmaly
Jul 29, 2025 10:39Zahedan şäherinde bolup geçen terrorçylykly hüjümden soň, Eýranyň ilçisi we BMG-nyň hemişelik wekili Howpsuzlyk Geňeşini we BMG-nyň Baş sekretaryny bu terror jenaýatyny iň güýçli ýagdaýda ýazgarmaga we jenaýatçylaryň kimligine, sebäplerine ýa-da degişliligine garamazdan terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy berk we prinsipial pozisiýa eýelemäge çagyrdy.
-
Eýran bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda gepleşikler Türkiýäniň Stambul şäherinde başlandy
Jul 25, 2025 11:34Eýran bilen Fransiýa, Germaniýa we Angliýa ýaly ýadro şertnamasynyň agzalary bolan üç Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gepleşikler anna güni Stambuldaky Eýranyň konsullygynda başlandy.
-
Eýran, Sionistleriň Günbatar Şeriýada häkim bolmak baradaky hereketini ýazgarýar
Jul 25, 2025 11:17Eýranyň Daşary işler ministrligi, Sionist Knessetiň Günbatar Şeriýa we Iordaniýa jülgesini basyp alyjy režiminiň gözegçiligini girizýän kanuny tassyklamak baradaky hereketini ýazgardy.
-
Pezeşkian: Biz ýene Ysraýyla hüjüm etmäge taýýar; Eýran howpy kabul etmeýär
Jul 23, 2025 11:35Sişenbe güni agşam efire berlen “Al Jazeera” teleýaýlymy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian bu ýurduň güýçleriniň basyp alnan ýerleriň çuňlugyny ýene bir gezek nyşana almaga taýýardygyny aýtdy.
-
Eýranyň we Italiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Jul 23, 2025 10:16Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajani telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit we halkara wakalar barada pikir alyşdylar.
-
Garibabadi: Snapback mehanizmini işjeňleşdirmek üçin edilen islendik synanyşyk bikanundyr
Jul 23, 2025 10:04Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklar ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi: Üç Ýewropa ýurdunyň kanuny statusy ýok we ýadro ylalaşygyň esasy borçlaryny ýerine ýetirmänsoň, Snapback mehanizmini işjeňleşdirmek synanyşygy kemsidiji we bikanun hasaplanýar we ret edilmelidir diýdi.