-
Eýran bilen Orsýetiň prezidentleri Astana akymynyň pugtalandyrylmagyny nygtadylar
Mar 01, 2020 14:20Eýran bilen Orsýetiň prezidentleri Siriýa meselesini çözmek we Aziýanyň günbatarynda terrorizmi ýok etmek üçin Astana akymynyň pugtalandyrylmagyny nygtadylar.
-
Eýranda Korona keseline uçran adamlaryň sany artdy
Mar 01, 2020 13:47Eýranyň saglygy goraýyş we derman ministrligi şu mahala çenli Eýranda 978 adamynyň Korona keseline uçrandyklaryny yglan etdi.
-
Ruhani: Koronawirusynyň öňüni almakda dünýäniň bütin milletleri we döwletleri birek-biregiň ýanynda bolmalydyrlar
Feb 29, 2020 16:58Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani durmuşky ýagdaýda Koronawirusynyň dünýä derejesindäki kynçylyga öwürlendigini aýdyp dünýäniň bütin milletleri we döwletleri birek-biregiň ýanynda bolmalydyrlar we herne çaltrak bu dartgynlylykdan halas bolmalydyrlar diýdi.
-
Musawi, Pompeonyň hilebazlygyna gaýtawul berdi
Feb 29, 2020 16:44Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi , Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeonyň, bu ýurt Koronawirusyna garşy göreşmekde Eýrana kömek etmäge taýýardyr diýen toslamasynyň gaýtawulynda bu toslamany, wagyz işler çarçuwasynda, ýalan we gülkünç hereket bilip syýasy maksatlar bilen formalite hereketleriň amala aşyrylmagy , Koronawirusynyň öňüni almaklygyň ýoly däldir diýip nygtady.
-
Rabiei :Eýranyň goranmak ministrliginiň Koronawirusyny saýgarýan lukmançylyk kit-i Pastor instituti tassyklandyr
Feb 29, 2020 16:35Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei geljek hepdeleriň dowamynda Koronawirusyna garşy göreşmek ugurdaky Eýranyň gazananlary köpeljekdir diýmek bilen Eýranyň Pastor Instituti Eýranyň goranmak ministrligi arkaly bejerilen lukmançylyk kit-i tassyklandyr diýip yglan etdi.
-
Eýranda 73 adam Koronawirusyndan gutuldylar
Feb 28, 2020 14:57Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi soňky günlerde Koronawirusyna uçran adamlaryň 73-si bu keselden gutulyp hassahanalardan öýlerine gaýdyp gidendiklerini yglan etdi.
-
Koronawirusy sebäpli şu gün Eýranyň 23 welaýatynda juma namazy ýatyryldy
Feb 28, 2020 11:53Eýranyň kä welaýatlarynda Koronawirusynyň ýaýramagy sebäpli Eýranyň 23 welaýatynda juma namazy okalmady.
-
Mertebesi Belent Ýolbaşçy Koronawirusyna garşy göreşýän lukmançylyk işgärlerine gadyrdanlyk bildirdiler
Feb 27, 2020 15:35Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Koronawirusyna garşy göreşýän saglygy goraýyş ministri, onuň işdeşleri, tebipler. indiwaçlar we lukmançylyk jogapkärlerden gadyrdanlyk etdiler.
-
Musawi: Koronawirusyna bagly ilkinji ýük juma güni Eýrana gelýär
Feb 27, 2020 17:45Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Koronawirusyna bagly ilkinji ýük Hytaýyň döwleti we Gyzyl haç Guramasy tarapyndan juma güni ýörite uçar bilen Eýrana gelýär diýip yglan etdi.
-
Eýranda Koronawirusy babatly aradan çykanlaryň sany 26 adama ýetdi
Feb 27, 2020 16:48Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianooş Jahanpoor Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň sany 245 adama we bu kesel babatly janlaryny elden beren adamlaryň sanlary hem 26 adama ýetendir diýdi.